2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Doha şäherinde Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasynyň we Hamad bin Halifa adyndaky uniwersitetiniň bilelikde guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri” atly halkara ylmy maslahaty geçirildi.
Maslahata Katar Döwletinde iş saparda bolýan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory D.Orazsähedow, Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedow, şeýle hem ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynda şahyryň türkmen halkynyň taryhynda eýeleýän ornunyň, döredijiliginiň we dünýä edebiýatyna goşan goşandynyň giňişleýin açylyp görkezilendigini bellediler.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşanydygy nygtaldy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Katara amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Katar medeniýet merkeziniň, Hamad bin Halifa adyndaky uniwersitetiniň, şeýle hem Kataryň milli kitaphanasynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň, şeýle hem gadymy golýazmalary bilelikde öwrenmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.