icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

01 maý 2025

1178

Astrahan şäherinde alymlaryň we şahyrlaryň türkmen zenanlaryna bolan garaýyşlaryna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi

2025-nji ýylyň 30-njy aprelinde W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygynyň işgärleriniň gatnaşmagynda «Filosoflaryň we şahyrlaryň türkmen zenanlary baradaky oýlanmalary» atly döredijilik agşamy geçirildi.

Talyplary, mugallymlary we jemgyýetçilik wekillerini bir ýere jemlän çäräniň maksatnamasyna edebi kompozisiýalar we aýdym-saz çykyşlary girizildi. Şeýle hem bu ýerde görnükli akyldarlaryň we şahyrlaryň zenanlaryň türkmen medeniýetinde eýeleýän ornuna we keşbine bagyşlanan goşgulary we jümleleri diňlenildi.

Döredijilik agşamynyň guramaçylary ene, wepaly ýanýoldaş, maşgala ojagynyň sütüni bolan türkmen zenanlarynyň milli ahlak we medeni gymmatlyklary saklap, nesilden-nesle geçirip gelýändiklerini hem-de munuň özüniň häzirki döwürde aýratyn ähmiýetli ýörelgelere öwrülendigini nygtadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: [email protected]
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
OSZAR »