icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

28 aprel 2025

1264

Türkmenistanyň wekiliýeti Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparynyň ilkinji mejlisine gatnaşýar

2025-nji ýylyň 28-30-njy aprelinde Bişkek şäherinde Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparynyň ilkinji mejlisi geçirilýär. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary A.Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

Duşuşygyň dowamynda ulag we logistika ulgamyndaky möhüm meselelere garaldy. Üstaşyr ýük daşamalarynyň işjeňleşdirilmegine, iki ýurduň çäginde köpugurly konteýner gatnaw ugurlarynyň ösdürilmegine, şeýle hem awtoulag, demir ýol we suw ulagy pudagynda hyzmatdaşlygyň giňelmegine aýratyn üns berildi.

Gyrgyz ýükleriniň günbatar ugra gatnawyny üpjün etmek üçin Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy we özara nyrh ýeňilliklerini üpjün etmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar konsullyk hyzmatdaşlygyň ugurlaryny, hususan-da, halkara ýük gatnawlaryna gatnaşyjylara degişli wiza amallary bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň işiniň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary beýan etjek we geljekki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlejek Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparynyň ilkinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, toparyň mejlislerini yzygiderli geçirmek baradaky karara gelindi. Bilelikdäki toparyň ikinji mejlisini 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Toparyň ilkinji mejlisiniň geçirilmegi ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge we halkara ulag geçelgelerini üpjün etmekde iki ýurduň ähmiýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky bir ädim boldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: [email protected]
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
OSZAR »