icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

18 aprel 2025

1563

Bişkekde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan tegelek stol gurnaldy

2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30-ýyllygy mynasybetli Gyrgyzystanyň Ž.Balasagyn adyndaky milli uniwersitetinde tegelek stol gurnady.   

Çärä bu uniwersitetiň talyp-mugallymlary, şeýle-de wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly birigip, Türkiýe Respublikasynyň uniwersitetinden alymlar gatnaşdy. 

Tegelek stoluň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmegiň ähmiýeti barada nygtaldy. Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän hem-de ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary berkitmäge ýardam edýän açyk gapylar syýasaty barada aýratyn bellenip geçildi.    

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilen Türkmenistanyň bitaraplygynyň 30-ýyllygy mynasybetli geçirilýän ýokary we iň ýokary derejedäki çärelere aýratyn üns çekildi.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň hallkara giňişliginde ýeten ýokary sepgitlerini şöhlelendirýän wideoşekiller görkezildi, şeýle hem gatnaşyjylary türkmen halkynyň baý medeni mirasy bilen tanyşdyrýan sergi gurnaldy.   

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: [email protected]
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
OSZAR »