icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

16 aprel 2025

1698

Astrahanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Russiýa federasiýasyndaky Konsullygynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Astrahan muzeý-goraghanasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi.

«Türkmen halkynyň medeniýeti, urp-adatlary we däp-dessurlary» atly geçirilen bu çärä milli medeni jemgyýetleriň, ylmy we döredijilik jemgyýetçiliginiň, bilim we medeniýet edaralarynyň wekilleri, taryhçy-etnograflar, ülkäni öwrenijiler, arhiw işgärleri, ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiň mugallymlary hem-de türkmen talyplar gatnaşdylar.

Tegelek stoluň çäklerinde ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşinde hem-de halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkemeginde möhüm orun eýeleýän döwletara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy babatda türkmen halk medeniýetini gorap saklamak we ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Astrahanly türkmenleriň däp-dessurlaryna we ýaşaýyş-durmuşyna bagyşlanan çykyşlar beýan edildi.  

Ýerli türkmenleriň we beýleki türki halklaryň medeniýetini we däp-dessurlaryny açyp görkezýän sergi myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekdi. Ekspozisiýada sungat eserleri, milli egin-eşikler we şaý-sepler görkezildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: [email protected]
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
OSZAR »