icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

06 maý 2025

566

Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) halkara bilermenlerinden düzülen baha beriş missiýasynyň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Häzirki wagtda hereket edýän Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-Habitatyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek gepleşikleriň esasy mowzugy boldy.

Duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda Türkmenistan bilen BMG-Habitatyň arasyndaky gatnaşyklaryň ep-esli işjeňleşendigi nygtaldy. Hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda milli şähergurluşyk syýasatynyň ösmegine,  şol sanda şäher we oba ilatly ýerlerde kadalaşdyrmaga, meýilleşdirmäge, taslamalaşdyrmaga we daşky gurşawy goramaga itergi berýär.

Taraplar 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň çäklerinde ýurduň borçnamalaryna kybapdaş gelýän we DÖM 11-iň durmuşa geçirilmegi üçin esas bolup hyzmat edýän milli maksatnamalary kabul etmegiň we durmuşa geçirmegiň ähmiýetini bellediler.

Konstruktiw ýagdaýda geçen gepleşikleriň ahyrynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny we ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga bolan meýillerini tassykladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: [email protected]
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
OSZAR »